113.53K
Категория: ЛингвистикаЛингвистика

Dialektika

1.

2.

7-njy tema.

3.

Dialektika we metafizika,
dünýä filosofiki akyl
ýetirmegiň usullary hökmünde.

4.

Taýýarlan: Garaýew Agamät
Topary: 2KUPÜ2

5.

Meýilnama:
1. Dialektika we metafizika hakynda umumy düşünje.
2. Dialektika ösüş hakyndaky taglymat.
3. Dialektikanyň umumy häsiýeti,dialektika ylym hökmünde.

6.

Dialektika grekçeden terjime edilende (dialektike techne) pikir
ýöretmek, gürrüňleşmek sungaty diýen manyny berýär. Bu adalga
filosofiýanyň taryhynda dürli manyda ulanyldy. Onuň dörän ýeri
gadymy gresiýadyr. Antik demokratiýanyň ösen ýeri bolan gresiýada öz
pikiriňi beýan etmeklige, subutnamalar getirip öňe sürýän ideýaňy gorap
bilmeklige we tarapdarlaryňy köpeltmeklige uly üns berlipdir. Şu
nukdaýnazardan ol ýerde dialektika diýlende jedelleşmek, çekeleşmek,
pikirini beýan etmek sungatyna düşünilipdir. Jedelleşmek sungatynda yz
galdyran akyldarlaryň görnüklileri hökmünde Sokratyň, Orta asyrlar
döwründen Per Abelýaryň atlaryny görkezmek bolar. Häzirki döwürde
dialektika başgaça many berilýär.

7.

8.

Dialektika – tebigatyň, jemgyýetiň we akyl ýetirişiň ösüşiniň ähliumumy
kanunalaýyklygy hakyndaky taglymatdyr. Ol pikirlenmegiň we hereket
etmegiň ähliumumy metodydyr.
Dialektika metod hökmünde iki derejä bölinýär. Obýektiw we subýektiw
dialektika.
Obýektiw dialektika hakyky dünýäniň (tebigatyň we jemgyýetiň ) ösüşini
öwrenýär.
Subýektiw dialektika bolsa, dialektiki pikirlenmäniň kanunalaýyklaryny
öwrenýär.

9.

Filosofiýanyň taryhynda dialektikanyň 3 formasy kemala geldi:
Antiki dialektika. Antiki dialektika sada we özakymlaýyn häsiýete eýe bolupdyr.
Dialektikanyň bu formasynyň görnükli wekilleri hökmünde gadymy grek filosoflary
Geraklitiň, Platonyň, Aristoteliň, Eleýli Zenonyň we beýlekileriň atlaryny görkezmek
bolar.
Nemes klassyk dialektikasy. Dialektikanyň bu formasy idealistik filosofiýanyň
esasynda Kant, Fihte, Şelling we Gedel tarapyndan döredilýär we ösdürilýär. Nemes
filosofy Georg Filgelm Fridrh Gegel dialektikany kämillik derejesine ýetirýär. Ol
dialektikanyň esasy kanunlaryny açýar we olary tebigaty, jemgyýeti, pikirlenmäni
düşündirmekde ulanýar. Gegeliň filosofiýasynda dialektika Absolýut ruhuň özüne
akyl ýetirmeklige tarap hereketinde ýüze çykýar.

10.

Materialistik dialektika. Materialistik dialektika K.Marks we
F.Engels tarapyndan esaslandyrylýar. Olar Gegeliň idealistik
dialektikasyny maddy dünýäni düşündirmekde ulanýarlar.
Şonuň üçin hem olaryň dialektikasyna materialistik dialektika
diýilýär.
Dialektikanyň gapma-garşy metodyna metofizika diýlip
atlandyrylýar.Metofizika grek sözünden (meta ta fizika
fizikadan soň) diýmekligi aňladýar. Metefizika adalgasyny
b.e.öň I-asyrda ýaşap geçen Antronik Rodosskiý hasaplanýar.

11.

Metefizikanyň dialektikadan esasy aýratynlyklary:
- Ösüşi inkär edýär.
- Köne bilen täzäniň arasyndaky arabaglanşygy inkär edýär.
- Materiýanyň hereketini, ösüşiny öz içinden gözlemän .onuň sebäbini daşardan, haýsy
bolsa-da başga bir zadyň täsirinden gözleýärler.
- Mukdar bilen hiliň özarabaglanyşygyny inkär edýär. Hil bilen mukdaryň
arabaglanşygy ýok, sebäbi olaryň özleri özbaşdak üýtgeýärler diýip belleýärler.
- Dünýäniň bütewiligini inkär edýärler.
-Metafizikanyň esasy häsiýetlendiriji alamaty onuň bir taraplaýynlygy, abstraktlygydyr.
-Metafizika ol we beýleki zady absolýutlaşdyrmak bilen bagly.
-Metafiziki düşünjä doňan, doňňaradaş, hereketsiz, üýtgemeýän ýagdaý görnüşde
garalýar.
-Metafiziki zada üýtgemeýän, özgermeýän zat hökmünde garaýar pikirlenmede bolsa
dialektikany inkär edýär.

12.

2. Dialektika ösüş hakyndaky taglymat.

13.

Dialektika ösüş hakyndaky taglymat bolmak bilen barlygyň,
akyl ýetirişiň kemala gelmeginiň. ösmeginiň ähli umumy
kanunlaýyklary hakyndaky taglymat. Dialektika hadysalaryň
arasyndaky ähli umumy baglanşyklara düşünmekligiň açary
bolmak bilen, ösüşiň umumy we uniwersal (ählitaraplaýyn)
baglanyşygyny, özara baglanşygyny şöhlelendirýär.

14.

Dialektika ösüş bilen baglanyşykly düzum bölekleri emele
getirýär. Dialektikanyň esasy düzüm bölekleri şulardan
ybaratdyr.
1. Dialektikanyň kanunlary.
2. Dialektikanyň kategorýalary.
3. Dialektikanyň esasy ýörelgeleri (prinsipleri).
Dialektika akyl ýetirişiň esasy metody we nazarýeti
hökmünde iki ýörelgä esaslanýar

15.

1. Ähliumumy baglanyşyk ýörelgesi.

16.

Biziň daş töweregimizi gurşap alýan dünýäde bolup geçýän
hadysalar, wakalar, predmetler biri-biri bilen berk
baglanyşyklydyr. Olaryň özara baglanşygy ähli umumy
baglanşygy emele getirýär. Bu baglanyşyk tebigatda,
adamzat jemgyýetinde, pikirlenmede amal edilýändigi
zerarly ol uniwersal hasaplanýar, ählumumy häsiýete eýe
bolmak esasda ähli ýerde ulanylýar we hereket edýär.
Ähliumumy baglanyşyk zatlaryň, hadysalaryň, arasyndaky
baglanşygy, özara täsiri aňladýan düşünjedir.

17.

Materiýanyň gurluş derejesi boýunça olaryň arasyndaky baglanyşyk 3-görnüşe
bölünýär.
1. Jansyz tebigatdaky baglanyşyk
2. Janly tebigatdaky baglanyşyk
3. Jemgyýetdäki baglanyşyk
Baglanyşyklar hem birnäçe görnüşe bölünýär.
1. Içki we daşky baglanyşyk.
2. Göni we gyýtaklaýyn baglanyşyk.
3. Giňişlikdäki we wagt çägindäki baglanyşyk.
4. Genetiki baglanşyk
5. Esasy we esasy däl baglanyşyk.
6. Düýpli baglanşyk.
7. Durnukly baglanyşyk.

18.

2. Ösüş ýörelgesi.

19.

Zatlara, hadysalara degişli ählumumy ösüş häsiýeti
dialektikanyň esasy mazmunyny düzýär we ähli zatlaryň
ösmegi, üýtgemegi dialektikanyň kanunlarynyň hem-de
kategoriýalarynyň gatnaşmagynda bolup geçýär. Dünýädäki
zatlar bir ýerde durmaýarlar olar üýtgemek, özgermek bilen,
olaryň özgermegi, ugruny üýtgetmegi ösüşi emele getirýär.
Zatlaryň ösüşi we özgerişine iki häsiýet mahsusdyr.

20.

Ewolýusion hem-de rewolýusion ösüş. Zatlaryň, hadysalaryň,
wakalaryň ýüwaş-ýuwaşdan öz durkuny üýtgetmegi, bir
görnüşden başga bir görnüşe geçmegi ewalýusion ösüşi
aňladýar. Olaryň böküş arkaly birden başga görnüşe, başga
ulgama geçmegi rewolýusion ösüşi aýladýar. Tebigatyň,
jemgyýetiň, pikirlenmäniň, pikirlenmäniň ösüşinde progres we
regres düşünjeleri hem uly ähmiýete eýedir. Progres
zatlaryň,hadysalaryň öňe tarap ýagny ösüşe tarap üýtgemegine
progres, yza tarap üýtgemegine regres diýilýär.

21.

ÜNS BERIP DIŇLÄNIŇIZ ÜÇIN KÖP SAG BOLUŇ!!!
English     Русский Правила