SANLY MANADY DURMUŞA ORNAŞDYRMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY
1.24M

SANLY MANADY DURMUŞA ORNAŞDYRMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

1. SANLY MANADY DURMUŞA ORNAŞDYRMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

Meredow Baýram Baýramowiç

2.

XXI
asyryň
başynda
maglumat-aragatnaşyk
tehnologiýalarynyň ösüşi ykdysady ulgamlaryň dürli
derejelerde işleýşine düýpli täsir edip başlady – bu täsir
dünýä ykdysadyýetinden başlap, aýratyn hojalyk
subýektlerine çenli ýetýär. Soňky onýyllyklarda sanly
tehnologiýalaryň adam durmuşynyň dürli ugurlarynda
giňden ulanylmagy bu ösüşiň netijesi bolup durýar.
Häzirki zaman ykdysadyýetiniň möhüm ugrunyň biri
hem sanly pul birlikler bolup, olaryň öwrenilmegi,
kadalaşdyrylmagy we ösdürilmegi milli hem-de halkara
maliýe institutlarynyň üns merkezinde durýar.

3.

Pul
serişdeleri
jemgyýetiň
ykdysady
durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Pul – munuň
özi harytlar alyş-çalyş edilen mahalynda
ählumumy ekwiwalentiň hyzmatyny ýerine
ýetirýän aýratyn haryt bolup, ol alyş-çalşyň we
gymmatyň görnüşiniň öz akymlaýyn ösüşiniň
önümidir.
Ykdysadyýetiň we tehnologiýalaryň ösmegi
bilen puluň görnüşleri hem üýtgeýär.

4.

Taryh boýunça pul serişdeleriniň üç esasy görnüşi
bolupdyr:
• haryt puly – gymmaty çalşygyň fiziki häsiýetlerine
esaslanýan pul serişdeleri;
• karz puly – bankyň aktiwleri bilen üpjün edilen pul
serişdeleri;
• fiat puly – gymmaty döwlet düzgünnamalary bilen
kesgitlenýän pul serişdeleri.
Haryt pul
Karz pul
Fiat pul

5.

Plastik
kartlaryň
we
enjamlaryň
mobil
maliýe
hasaplaşyklarynda ulanylmagy adaty ýagdaý halyna öwrüldi.
Mundan
başga-da,
maliýe
amallarynyň
tizligini,
amatlylygyny, howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de bank
amal çykdajylaryny azaltmak bilen baglanyşykly talaplar
günsaýyn
artýar.
Muny
diňe
öňdebaryjy
sanly
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gazanmak mümkin.
Şol bir wagtyň özünde banklaryň, kärhanalaryň we döwletiň
sanly maliýe tehnologiýalaryny ulanmagy hem giň gerime eýe
bolýar. Şu şertlerde, Türkmenistanda merkezi bank sanly pul
birliginiň döredilmegi maliýe bazarynda ýüze çykýan
wezipelere netijeli çözgüt bolup durýar.

6.

Bank ulgamyndaky tehnologik innowasiýalaryň
ykdysady taýdan ähmiýeti
Bar bolan bank
önümlerini
kämilleşdirmek
Täze bank
önümlerini
döretmek
Bank
müşderilerine
hyzmat etmegiň
tehnologiýasyny
üýtgetmek
Bank
ulgamynda
innowasion
tehnologiýalar
Bank
hyzmatlarynyň
bäsleşige
ukyplylygyny
ýokarlandyrmak

7.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi banky pul
serişdelerini iki usul boýunça döredýär:
• nagt görnüşinde (saklanýan pullar goýberilýär);
• karz görnüşinde (karz goýumlary artdyrylýar).
Sanly manat bolsa, üçünji görnüş pul hökmünde
girizilmegi meýilleşdirilýän sanly milli pul birligi
bolup, ol Merkezi bank tarapyndan sanly görnüşde
çykarylar. Diýmek, sanly manat Türkmenistanyň
Merkezi bankynyň sanly pul birligi hökmünde hereket
eder.

8.

Sanly manadyň modelleriniň deňeşdirmesi
Deňeşdirme ölçegi
Emitent
Ulanyjylar
aragatnaşyk
bilen
Merkezi
bankyň
maliýe ulgamyndaky
orny
Bir derejeli model
Iki derejeli model
Amatlysy
Merkezi bank
Merkezi bank
Iki modelde hem
emitent Merkezi bank
Merkezi bank göni
aragatnaşykda
Karz edaralaryň üsti
bilen
Iki derejeli model has
amatly
Peselýär
Saklanýar we
güýçlendirilýär
Iki derejeli model ileri
tutulýar
Durnukly we
gözegçilikli
Iki derejeli model has
ygtybarly
Pul – karz syýasatyna
Ýokary töwekgelçilikli
täsiri
Bank
täsiri
goýumlaryna
Ulanylyş
çylşyrymlylygy
Kiberhowpsuzlyk
töwekgelçiligi
Offlaýn
mümkinçiligi
töleg
Infrastruktura
çykdajylary
Döwlet
gözegçiligi
maliýe
Halkara
laýyklyk
tejribä
Göçmek howpy ýokary
Göçmek töwekgelçiligi Iki derejeli model bank
pes
ulgamy üçin has möhüm
Karz edaralary arkaly
sazlaşykly
Iki derejeli model has
howpsuz
Pes
Ortaça
Ýokary
Pes (ulgam
paýlanyşykly)
Çäklendirilen
Giň mümkinçilikli
Iki derejeli model
Türkmenistanyň şerleri
üçin örän wajyp
Merkezi bank üçin
ýokary
Esaslandyryjy karz
edaralaryň arasynda deň
paýlanýar
Iki derejeli model
merkezi býujet üçin
tygşytly
Güýçli
Güýçli we köp derejeli
Deň
Seýrek ulanylýar
Köplenç ulanylýar
Iki derejeli model
öňdebaryjy ýurtlaryň
saýlaýan ugry

9.

Sanly manadyň esasy aýratynlyklary:
Merkezi
bank
dolandyrylmagy
tarapyndan
çykarylmagy
we
Offlaýn ulanylyş mümkinçiligi – internet ýa-da mobil
aragatnaşyk
bolmadyk
ýagdaýynda
hem
işleýiş
mümkinçilikleri
Dürli maliýe platformalary bilen integrasiýa mümkinçiligi
Aýratyn sanly koduň bolmagy
Elektron tölegler we uzakdan geçirilýän amallar – sanly
manadyň nagt däl serişdeler bilen integrasiýasy
Howpsuzlyk we dolandyryş kepilliginiň ýokarlanmagy –
sanly manat Merkezi bankyň gözegçiliginde bolar

10.

Pul – karz syýasaty Merkezi bank
tarapyndan kesgitlenýär we amala aşyrylýar.
Ykdysadyýetde puluň hödürlenmeginiň
üýtgemegi diňe bir Merkezi bankyň ýerine
ýetirýän amallarynyň netijesinde däl,
täjirçilik banklarynyň, şeýle hem bank däl
bölegiň (öý hojalyklary we kärhanalar)
çözgütleriniň esasynda amala aşyrylýar.
Şol sebäpden hem, sanly manadyň
emissiýasy iki derejeli sanly manat modeli
görnüşinde

müşderileriň
sanly
gapjyklarynda saklanýan, ýeke-täk sanly
kodlar
(tokenler)
görnüşinde
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
amala aşyrylsa maksada laýyk bolar.

11.

Iki derejeli sanly manat modeliniň esasy aýratynlyklary:
sanly manadyň emissiýasyny Türkmenistanyň Merkezi Banky amala
aşyrýar
sanly manat nagt däl serişdeleriň sanly görnüşe öwrülmegi arkaly 1:1
gatnaşygynda emissiýa edilýär
Merkezi bank sanly manat meýdançasynda diňe karz edaralaryna we Türkmenistanyň
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine sanly gapjyklary açýar, müşderilere bolsa karz
edaralary sanly gapjyklary açýar
her müşderä diňe bir sanly gapjyk açylýar
müşderileriň sanly manat gapjyklary maliýe edaralarynyň balansyna
goşulmaýar, olar diňe sanly manat meýdançasynda hasaba alynýar
sanly manat arkaly müşderilere sanly gapjyklardaky serişdeleri nagt we
nagt däl görnüşe çalt hem-de bökdençsiz çalyşmak hyzmaty hödürlener

12.

Kähalatlarda
ylmy
işgärleriň
we
jemgyýetiň ünsüni «kripto walýutalar» we
«steýblkoýnler» çekýär. Kripto aktiwleriň
meşhurlygyna garamazdan, olaryň ulanylyşy
ýokary üýtgewsizlik, kiberhowplar we
merkezi düzgünleşdirmegiň ýoklugy bilen
baglanyşykly meseleleri döredýär. Merkezi
bank sanly pul birliginiň ulanyşa girizilmegi
bu töwekgelçilikleri aradan aýyrmak bilen,
durnuklylygy we döwlet gözegçiligini üpjün
eder.

13.

Sanly manat Türkmenistanyň milli pul
birliginiň üçünji görnüşi hökmünde nagt we
nagt däl pullary tamamlar. Ol tölegleriň
amatlylygyny, oflaýn elýeterliligini we
hasaplaşyklaryň howpsuzlygyny üpjün eder.
Şol bir wagtda 1 sanly manat =1 nagt manat
= 1 nagt däl manat deňligi saklanar, bu bolsa
sanly manat serişdeleriniň ýurduň ykdysady
ulgamyna doly goşulmagyna mümkinçilik
döreder.

14.

Sanly manat Türkmenistanyň maliýe
ulgamynyň ösüşinde strategiki ädim bolup,
hasaplaşyklary
ýeňilleşdirmek,
maliýe
hyzmatlarynyň
elýeterliligini
ýokarlandyrmak, çykdajylary azaltmak we
sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin esas
döreder.

15.

ÜNS BERIP DIŇLÄNIŇIZ ÜÇIN
MINNETDAR!
English     Русский Правила