Похожие презентации:
Animasiýanyň netijeleri
1.
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGITÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM INSTITUTY
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň VII synplary
üçin interaktiw-multimedia elektron gollanmasy
AŞGABAT 2014
2.
3.
PowerPoint programmasynda görnüşli wizual (görüş) we seseffektleriniň uly toplumyndan peýdalanmak
Effektler bir slaýddan beýlekä geçirilende ýa-da prezentasiýa görkezilende, slaýdyň
aýry-aýry obýektleriniň orny üýtgedilende ulanylýar.
Şeýle hem aýry-aýry pursatlara ünsi çekmek üçin, surat görnen pursatynda eşidiler
ýaly, el çarpyşmalar görnüşindäki we beýleki ses effektleri berilýär.
Şol bir wagtda effektleriň aşa köp ulanylmagynyň, prezentasiýanyň mazmunyna
düşünmäge päsgel berýändigini ýatdan çykarmaly däldir.
Prezentasiýa görkezilende, slaýdlaryň geçişi syçanyň ýa-da klawişiň kömegi bilen
amala aşyrylýar. Slaýdlaryň geçiş effektlerini Переходы menýusy arkaly sazlamak
bolar.
4.
Slaýdda aýratyn obýektleriň animasiýasyny sazlamak üçin Анимацияmenýudan peýdalanylýar
Slaýdyň obýektlerini yzygider tapawutlandyrmak bilen, olara animasiýa
berilýär. Olaryň geçiş tertibi, ýüze çykyşynyň we hereketiniň aýratynlygy
görkezilýär. Tapawutlandyrylan obýektlere effektler berlende, olaryň ses
effektlerini we hereket tizligini sazlap bolýar. Munuň üçin Анимация menýudan
Анимация→Область анимации buýrugy bermelidir.
5.
Mysal. Prezentasiýa obýektleriniň animasiýa effektlerinisazlamaly.
Prezentasiýany açýarys. Figuraly teksti tapawutlandyralyň.
Анимация
menýudan
Анимация→Добавить
анимацию→Вход→Жалюзи buýruklary bereliň. Bu
ýerden girmekligiň goşmaça effektlerini hem almak
bolýar.
Figuraly tekstiň parametrlerini gurnalyň:
Начало→Пощелчку→Направ-ление→По
горизонтали→Продолжительность→1 сек.
(быстро).
Soňra Просмотр düwmäni basmak bilen, döredilen
effektler barlanýar.
Suratlar we figuralar üçin animasiýa
effektleriniň sazlanyşy birmeňzeşdir. Suraty
tapawutlandyrmaly.
Анимация
menýudan
Анимация→Добавить анимацию→Вход →
Вылет buýruklary bermeli.
6.
Suratyň parametrlerini gurnalyň: Начало→После предыдущего,Направление→Снизу, Продолжительность→1 сек. (быстро).
Prezentasiýany synlap göreliň. Slaýdyň ähli elementleri sazlaýşymyz
ýaly ýagdaýda görkeziler.
7.
Mysal. Figuralary we animasiýalaryň effektlerini ulanyp, “Men jaý gurýaryn”atly prezentasiýany döretmeli.
Power Point prezentasiýa programmany işe goýberýäris. Ülňülerden öz
islegimize
görä
saýlamak
üçin,
Файл→Создать→Образцы
шаблонов→<ülňüni saýlamaly>→Создать buýrugyny bermeli.
Slaýda
suratlary
öz
islegimize
görä
saýlap
almak
bolar.
Вставка→Фигуры→Выноски yzygiderlik bilen öz islegimize görä figurany
saýlap, “Jaý gurýaryn!” we “Arma!” tekstleri ýazalyň. Slaýdyň dürli ýerinde
jaýyň üçegini, diwaryny we penjiresini ýerleşdireliň. Biz bu slaýdda üçburçlugy
we gönüburçluklary ulanýarys .
8.
Effektleri bereliň. Goý, jaý diwaryň we jaýyň üçeginiň süýşmegi,penjiräniň bolsa şol bir ýerde durmagy bilen gurulýan bolsun. Penjire jaýyň
diwarynyň durýan ugruny kesgitlemek üçin, merkezde dursun.
9.
Gönüburçlugy (jaýyň diwary) tapawutlandyralyň. Анимация menýudanАнимация→Добавить анимацию→Другие пути перемещения...→Влево
buýruklary yzygiderli ýerine ýetireliň .
10.
Jaýyň diwaryndan penjirä çenli hereket ugruny gurnalyň.Ugurgörkezgijiň başlangyjy ýaşyl reňk bilen, ahyry bolsa gyzyl reňkli
markerlerden ybaratdyr. Üçburçlugy (jaýyň üçegi) tapawutlandyralyň. Анимация
menýudan
Анимация→Добавить
анимацию→Другие
пути
перемещения...→Вправо buýruklary bereliň. Bu ýerde gyzyl markeri, jaýyň
üçegini laýyk diwaryň üstünde ýerleşer ýaly edip gurnalyň.
11.
Indi bolsa “Jaý gurýaryn!” diýen ýazgyly çykgydy (Выноски)tapawutlandyralyň.
Effekt
saýlalyň.
Анимация
menýudan
Анимация→Добавить анимацию→Вход→Вылет buýruklary bereliň.
Çykaryp ýazmanyň parametrlerini gurnalyň: Начало→После предыдущего,
Направление→Сверху.
Saz bilen bilelikde hereket eder ýaly, effektleriň parametrlerini sazlalyň.
Çykgydy tapawutlandyralyň we Анимация menýudan Анимация→Область
анимации→Параметры эффектов... buýruklaryň yzygiderligini bereliň.
Şonda aşakdaky suratdaky Вылет penjire açylar.
Döreden prezentasiýamyzy kompýuteriň ýadynda saklalyň we synlap göreliň.
12.
Interaktiw-multimedia elektrongollanmanyň awtorlary:
Saryýew Döwran
Ataýew Kakageldi
Garýagdyýew Oraz