Berlenleri girizmegi we çykarmagy guramak
1.56M
Категория: ИнформатикаИнформатика

Berlenleri girizmegi we çykarmagy guramak

1.

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM INSTITUTY
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň VII synplary
üçin interaktiw-multimedia elektron gollanmasy
AŞGABAT 2014

2. Berlenleri girizmegi we çykarmagy guramak

3.

Programmalary
düzmekde
aşakdaky tapgyrlary bellemek
bolar:
•başlangyç berlenleri girizmek;
•berlenleri gaýtadan işlemek;
•berlenleri çykarmak (netije
almak).

4.

Ekrana maglumatlar Write çykyş buýrugy
arkaly çykarylýar.
Bu iň köp ulanylýan buýruklaryň biridir.
Program
salam_1;
{Programmanyň
sözbaşysy}
Begin {Programmanyň başlangyjy}
Write ('Salam! Men, ähli zady başarýan
kompýuter!'); {Ýazgyny ekrana çykarmak}
End. {Programmanyň soňy}

5.

Writeln bu buýrukda informasiýa çap edilenden
soň, kursor täze setire geçirilýär.
Program salam;
{Programmanyň sözbaşysy}
Begin
{Programmanyň başlangyjy}
Writeln ('Salam!');
{Ýazgyny ekrana çykarmak}
Writeln ('Men ähli zady başarýan kompýuter!');
{Ýazgyny ekrana çykarmak}
End.
{Programmanyň soňy}
teksti iki setirde çykarýar:
Salam!
Men ähli zady başarýan kompýuter!

6.

Program Jem; {Programmanyň sözbaşysy}
Begin
{Programmanyň başlangyjy}
Write (2+3);
{Jemi hasaplamak we netijäni
ekrana çykarmak}
End.
{Programmanyň soňy}
Jem programmasy ýerine ýetirilenden soň, ekranda
5 san çap ediler. Eger arifmetiki aňlatma ýaýlarda
apostrofyň içinde ýazylan bolsa, onda Write ('2+3')
buýrugyň netijesi '2+3' tekst görnüşinde çap ediler.

7.

Kompýutere berlenleri Read (ýa-da Readln)
buýrugyň kömegi bilen girizip bolýar.
Bu buýrukda hem ýaýlaryň içinde
üýtgeýänleriň atlary oturlar arkaly berilýär.
Ol çykarmak buýrugyna meňzeş ýazylýar,
meselem:
Read(a,b);
Readln(a1,a2,...,aN).

8.

Program mysal_1; {Programmanyň sözbaşysy}
Var a: integer;
{bitin görnüşli a üýtgeýäni beýan etmek}
Begin
{Programmanyň başlangyjy}
Write ('Bitin san giriziň ');
{Ýazgyny ekrana çykarmak}
Readln (a);
{Girizilýän san a üýtgeýäniň adyna geçirilýär}
Write ('Siziň sanyňyz: ', a);
{Ýazgyny we üýtgeýäniň san
bahasyny ekrana çykarmak}
End. {Programmanyň soňy}
a=5 bolanda, programma ýerine ýetirilenden soň, ekrana şeýle
ýazgy çykar:
Bitin san giriziň 5
Siziň sanyňyz 5

9.

Klawiaturadan girizilen sany 2-ä köpeldip, netijesini çykarýan
programma:
Program mysal_2; {Programmanyň sözbaşysy}
Var x: integer;
{bitin görnüşli x üýtgeýäni beýan etmek}
Begin
{Programmanyň başlangyjy}
Write ('San giriziň '); {Ýazgyny ekrana çykarmak}
Readln (x); {Girizilýän san x üýtgeýäniň adyna geçirilýär}
Write ('Bu sany ikä köpeltseňiz, şu netije alnar ', 2*x);
{Ýazgyny we hasaplamanyň san bahasyny ekrana çykarmak}
End. {Programmanyň soňy}
x=25 bolanda, programma ýerine ýetirilenden soň, ekrana şeýle
ýazgy çykar:
San giriziň 25
Bu sany ikä köpeltseňiz, şu netijede 50 alnar

10.

GÖNÜKME
Klawiaturadan girizilen sany 2-ä köpeldip,
netijesini çykarýan programma ýazalyň:

11.

Interaktiw-multimedia elektron
gollanmany taýýarlanlar:
Saryýew Döwran
Ataýew Kakageldi
Garýagdyýew Orazberdi
English     Русский Правила